http://www.azathabawufh72p32pkatgc7mamx5cjmulx7qnxxo42dvmib2wsndrqd.onion/a/31788619.html
Öz çäginde koronawirusyň bardygyny aç-açan ykrar etmedik Türkmenistanyň hökümeti, pandemiýa başlanaly bäri COVID-19-a garşy göreşmek üçin birnäçe ýurtdan we halkara guramalardan ençeme gezek maliýe we maddy kömegini aldy. Türkmenistan BSG-dan, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan, hususan-da lukmançylyk enjamlaryny, testleri, dermanlary we medisina geýimleri hem-de ellikleri ýaly zatlary mugtuna aldy.